1-nji noýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Türkmenistanyň milli manadynyň ulanyşa girizilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Watan» habarlary gepleşiginde aýdylyşy ýaly, onuň barşynda ýurdumyzyň bank ulgamynyň ösüşi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata Türkmenistanyň maliýe-ykdysadyýet ulgamynyň wekilleri, institutyň mugallymlarydyr talyplary we žurnalistler gatnaşdylar.  Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara öz Gutlagyny iberdi. 

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň bank ulgamyndaky özgertmeler, sanlylaşdyrma, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk we milli ykdysadyýetiň ösüşinde bank ulgamynyň orny barada bellediler. 

Şeýle hem maslahatyň çäklerinde mowzuklaýyn sergi guraldy.