Prezident Serdar Berdimuhamedow Samarkantda geçirilen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň  sammitinde çykyş etdi. Ol bu halkara çäresine hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Türkmen Lideri öz sözünde ŞHG agza döwletleri energetika boýunça ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy. 

Türkmenistanyň döwlet  Baştutany ŞHG-e agza döwletleriň zerurlyklaryny üpjün etmek  maksady bilen daşarky bazarlara çykmaga mümkinçiligi bolan elektrik geçirijileriň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmakda bilelikdäki taslamalary taýýarlamak baradaky teklibi beýan etdi. 

Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekde uly tejribä we elektrik geçirijileri ösdürmek üçin  zerur bolan ätiýaçlyklara eýedir. Häzirki wagtda türkmen gazy Russiýa, Hytaýa we beýleki döwletlere iberilýär. Şeýle hem TOPH(Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan)transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär.