15-16-njy sentýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň baştutany Wladimir Putin bilen duşuşar. Bu barada Interfaks agentligi habar berýär.

Türkmen Lideri ŞHG-niň agza döwletleriniň baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyryldy. 

Sammite 15 döwletiň – Hytaýyň, Gazagystanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we beýlekileriň Prezidentleri gatnaşar.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 6 döwletiň — Russiýanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Hytaýyň gatnaşmagynda döredildi. 2017-nji ýylda Hindistan we Pakistan gurama  agzalyga kabul edildi. Şu ýylyň sentbabr aýynda bolsa Eýranyň bu gurama agzalyga kabul edilmegine garaşylýar. 

ŞHG-niň döredilmeginiň maksady sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmekden, häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşmekden, agza döwletleriň arasynda ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny, medeni gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr.