Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Türkmenistanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Parlamentara birleşigiň agza döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň 14-nji sammitine gatnaşdy. Ol geçen hepdede Daşkent şäherinde geçirildi. 

Sammitiň işine BMG-niň, Parlamentara birleşigiň, ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň, GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň, şeýle hem dünýä döwletleriniň 17-siniň parlament  wekilleri gatnaşdylar.

Sammitiň barşynda «Parlament ýolbaşçylygy: durnuklylygyň we ösüşiň netijeli üpjün edilişinde töwekgellikleri çaklamak üçin» diýen ugurda pandemiýa sebäpli dörän çökgünlik şertlerinde gender deňligi, zenanlaryň mümkinçiliklerini artdyrmak hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly meselelere garaldy. 

Daşkende saparynyň barşynda Gülşat Mämmedowa ýurduň Baştutany Şawkat Mirziýoýew hem-de Özbegistanyň Oliý Mejlisiniň senatynyň ýolbaşçysy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşdy.