Merkezi Aziýa we arap aýlagynyň döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşine degişli ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň 7-nji sentýabrda Er-Riýadda(Saud Arabystan) geçirilen «Arap aýlagynyň döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşi — Merkezi Aziýa» strategik dialogyň birinji ministrlik duşuşygynyň netijeleri boýunça 2023-2024-nji ýyllarda hereketleriň Bilelikdäki meýilnamasy kabul edildi.
Bilelikdäki meýilnamanyň maksady söwda, maýa goýum, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň bellemegine görä, Aşgabat bu çäräni Merkezi Aziýa we Pars aýlagy döwletleriniň arasynda giň gerimli gatnaşyklaryň ýolunda möhüm ädim hökmünde bahalandyrýar.
Duşuşyga gatnaşanlar söwda, energetika, maýa goýum we syýahatçylyk ugrunda bar bolan mümkinçiliklere uly gyzyklanma bildirdiler. Merkezi Aziýa we Aýlaga degişli döwletleriň wekilleri geljek ýylda Arap aýlagynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birinji Ykdysady forumyny Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultanda we Strategik dialogyň ikinji ministrlik duşuşygyny Samarkantda geçirmek teklibini höwes bilen kabul etdiler.
Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanyna saparyň barşynda iki taraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirmegi meýilleşdirýär.
Ýurdumyzyň DIM-niň saýtynda habar berilmegine görä, Saud Arabystanyna saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirer.