Türkmenistanda Suw hojalygy döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Lebap we Mary welaýatlarynyň paýtagt häkimlikleriniň eýeçiligine degişli desgalaryň birnäçesini hususylaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow habar berdi.
H.Geldimyradow döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak, hususan-da, Ykdysadyýet we maliýe ministrligine we beýleki pudalaýyn ministrlikleredir edaralara degişli desgalary hususylaşdyrmaga seljerme bermek işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýeriň hasabatyny diňläp, hojalyk ulgamyna öňdebaryjy usullary ornaşdyrmagyň täze ykdysady strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi we H.Geldimyradowa bu ugurda işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.