Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 46 million 586 müň dollaryna deň bolan jemi 35 geleşik baglaşyldy. 

Dollar serişdeleriniň hasabyna Owganystanyň, Türkiýäniň we Singapuryň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän suw arkaly arassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilýän karbamidi we Seýdiniň nebit zawodynda öndürilýän göni arassalanan benzini satyn aldylar. 

Mundan başga-da dollar serişdeleriniň hasabyna gyrgyzystanly telekeçilere tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler ýerlenildi. 

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri bahasy 950 müň manada deň bolan saryja goýnuň ýüňüni satyn aldylar. 

Içerki bazaryň zerurlyklary üçin türkmen telekeçileri manat serişdeleriniň hasabyna TNGIZT-de öndürilýän nebit koksyny we bitumyny, şeýle hem ýokary dykyzlykly polietileni(«Türkmenhimiýa» döwlet konserni) we el halylary satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 14 million manada deň boldy.