Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 15-16-njy sentýabrda Samarkantda geçiriljek Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň(ŞHG) sammitine gatnaşar. Bu barada ŞHG agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň mejlisiniň barşynda Özbegistanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Wladimir Norow habar berdi.

Türkmen Lideri ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Gurama agza döwletleriň Liderlerinden başga-da sammite ŞHG-de synçy derejesine eýe bolan Belarussiýanyň, Eýranyň we Mongoliýanyň döwlet Baştutanlary gatnaşar. BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary, GDA-nyň, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasynyň, kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň, Ýewraziýa ykdysady birleşmesiniň ýerine ýetiriji edarasynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed ibn Salman Al Saud hem sammite gatnaşjakdyklaryny mälim etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde Gurbanguly Berdimuhamedow sammite iki gezek — 2016-njy ýylda Daşkentde geçirilen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň ýubileý mejlisine we 2021-nji  ýylda Duşenbede geçirilen ŞHG-niň agza döwletleriniň Liderleriniň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna Hytaý, Russiýa, Gazagystan. Täjigistan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Hindistan we Pakistan agzalyk edýär. Şu ýylyň sentýabrynda bu gurama Eýran Yslam Respublikasynyň agzalyga kabul edilmegine garaşylýar.

ŞHG harby gurama ýa-da howpsuzlyk boýunça açyk geňeşme meýdançasy däldir. Guramanyň wezipesi oňa agza döwletlerde howpsuzlygy we durnuklylygy, ykdysady-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, halkara terrorizme, neşe serişdelerines, ekstremizme garşy bilelikde göreşi berkitmekden ybaratdyr.