Türkmenistanyň «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky öz müşderilerine – «Master Card Maestro» bank kartlaryny ulanyjylara kesgitlenen söwda nokatlarynda we supermarketlerde «Rysgal» bankyna degişli kartlar bilen edilen söwdadan 6% çenli sylag almak mümkinçiligini yglan edýär.
Sylag ulanyjynyň hasabyna bankdan bolşy ýaly, «Rysgal» bankyna degişli kartdan töleg geçirilip, söwda edilen dükan tarapyndan hem geçirilýär. Munuň üçin dükan ýa-da supermarket «Rysgal» bankyna degişli arzany bermek bilen, «Ygrarlylyk maksatnamasynyň» agzasy bolmalydyr.
Müşderilere sylag hyzmatyny bermek boýunça «Ygrarlylyk maksatnamasyna» eýýäm paýtagtyň «Halk market», «Şazada market» ýaly supermarketleri we beýlekiler goşuldylar. «Rysgal bankynyň «Master Card Maestro» kartlaryny ulanyjylara onuň bilen «Ygrarlylyk maksatnamasyna» gatnaşyjy söwda nokatlarynda töleg geçirmek ýeterlikdir, şeýlelikde, sylag her aýyň aýagynda awtomatiki ýagdaýda hasaba geçiriler.
Sylag hasaplaşyk döwrüniň yz ýanyndan gelýän 5 iş gününden giç bolmadyk wagtda tölenýär. Şonuň bilen bir hatarda, ulanyjynyň karta berkidilen telefon belgisine sms-habarnamasy iberilýär.
«Rysgal» bankyna degişli kartlar tarapyndan bankomatlardan nagt pul serişdeleri alnanda, jemagat hyzmatlary we beýleki hyzmatlar üçin töleg geçirilende, şeýle hem jerimeler, salgytlar tölenende, totalizator goýumlarynda sylag geçirilmeýär.
«Ygrarlylyk maksatnamasy» boýunça şu salgydan has anyk maglumatlary alyp bilersiňiz.