Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 23 million 146 müň dollaryndan gowrak bolan jemi 24 geleşik hasaba alyndy. 

Dollar serişdeleriniň hasabyna Türkiýäniň, Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we ABŞ-nyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän uçar kerosinini, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilýän tehniki uglerody we Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän polipropileni satyn aldylar. 

Şeýle-de dollar serişdeleriniň hasabyna Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň telekeçilerine nah ýüplügi ýerlenildi.

Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gazagystandan we Hindistandan bolan telekeçiler umumy bahasy 8 million  885 müň manat bolan nah ýüplüginiň uly toplumyny satyn aldylar.