Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 134 million 755 müň dollaryndan gowrak bolan jemi 18 geleşik hasaba alyndy. 

Dollar serişdeleriniň hasabyna Türkiýäniň we Owganystanyň, işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän suwuklandyrylan gazy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilýän ЕСО-93 kysymly awtoulag benzinini satyn aldylar. 

Şeýle-de dollar serişdeleriniň hasabyna Gazagystanyň, Owganystanyň we Gyrgyzystanyň telekeçilerine jins matasy hem-de nah ýüplügi ýerlenildi.

Birleşen Arap Emirliklerinden bolan daşary döwletli telekeçiler umumy bahasy 973 müň manat bolan nah ýüplüginiň uly toplumyny satyn aldylar.