10-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary başlandy. Onuň barşynda taraplaryň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekiler. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň resmi saýtynda 9-njy iýunda Türkmenistanyň we Russiýanyň wise-premýerleri Ş.Abdrahmanowyň hem-de Aleksandr Nowakyň arasynda geçirilen duşuşygyň netijelerine salgylanyp habar berilýär.
Iki döwletiň Liderleriniň duşuşygynyň barşynda özara bähbitli söwda-ykdysady, syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň we RF-iň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça Jarnamanyň kabul edilmegine garaşylýar.
Duşuşygyň barşynda wise-premýerler Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna boljak sapary we söwda-ykdysady ulgam boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän resminamalar dogrusynda pikir alyşdylar.
Söhbetdeşligiň barşynda Aleksandr Nowak türkmen wekiliýetini II Hazar ykdysady forumyna we 25-nji Halkara Peterburg ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy.