Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 83 million dollaryndan gowrak bolan jemi 30 geleşik hasaba alyndy.
Dollar serişdeleriniň hasabyna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän uçar kerosinini, gidrousul bilen arassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilýän ЕСО-93 kysymly awtoulag benzinini, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilýän suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Manat serişdeleriniň hasabyna Gazagystanyň, Hindistanyň we Türkiýäniň telekeçileri 15 million manatdan gowrak nah ýüplügini satyn aldylar.
Içerki bazaryň zerurlyklary üçin türkmen telekeçileri el halylary, pagta übtügini we ulýugyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 95 million 880 müň manatdan gowrak boldy.