Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen maliýe serişdelerini bölüp berdi. Bu barada «Watan» habarlary gepleşiginde aýdyldy. 

Bölünip berlen maliýe serişdeleriniň umumy möçberi ABŞ-nyň 300 million dollaryna deňdir. Olaryň deň ýarsy — 150 million dollary ýerli telekeçileriň önümçiligi guramagyna gönükdiriler. Maliýe serişdeleriniň beýleki bölegini bolsa Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi gerekli harytlary satyn almak üçin sarp eder.