Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 13 million 576 müň dollaryna deň bolan jemi 54 geleşik hasaba alyndy.
Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri dollar serişdeleriniň hasabyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän uçar kerosinini, «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy we «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen kükürtden arassalanan dizel franksiýasy satyn aldylar.
Şeýle hem daşary ýurt puluna Russiýanyň we BAE-niň telekeçilerine ýurdumyzyň dokma toplumynyň önümlerini — nah ýüplügini we dürli görnüşli tüýjümek önümleri ýerlenildi.
Milli manat serişdeleriniň hasabyna BAE-niň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewürleri umumy bahasy 800 müň manat bolan el halylary we nah ýüplügini satyn aldylar.
Türkmen telekeçileri içerki bazaryň zerurlyklary üçin umumy bahasy 654 million 499 müň manat serişdeleriniň hasabyna «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni we el halylary satyn aldylar.