18-nji maýda ýurdumyzda goşa baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaralar geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem beýleki hökümet ýolbaşçylary Konstitusiýa binasyna hem-de Baş baýdak meýdançasyna gül desselerini goýdular.
Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna Gutlagyny iberdi. Onda Döwlet baýdagynyň we Konstitusiýasynyň Türkmen döwletiniň şöhratly taryhyny, döwletiň we halkyň bagtly geljegini alamatlandyrýandygy bellenildi.