Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 53 geleşik hasaba alnyp, olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 37 million dollaryndan gowrak boldy.
Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we beýleki döwletleriň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suw arkaly arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle hem Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçilerine ECO 93 ulag benzini(«Türkmenhimiýa» DK) we suwuklandyrylan gaz(«Türkmengaz» DK) ýerlenildi.
Şeýle-de manat serişdeleriniň hasabyna Gyrgyzystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri umumy bahasy 1 million 655 müň 500 manat bolan nah ýüplügini satyn aldylar. Içerki bazaryň zerurlyklary üçin türkmen işewürleri ýokary dykyzlykly polietileni(«Türkmenhimiýa» DK) we el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 13 million manatdan gowrak boldy.