Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi 62 geleşik baglaşyldy.
Dollar serişdeleriniň hasabyna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Bolgariýanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän ýangyjy, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda, şeýle hem «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernlerinde öndürilýän suwuklandyrylan gazy, tüýjümek önümleri hem-de nah ýüplügini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 24 million 304 müň dollaryna deň boldy.
Milli manat serişdeleriniň hasabyna türkmen işewürleri içerki bazaryň zerurlyklary üçin polipropileni, polipropilen plýonkasynyň granulýatyny, gyzdyrylan nebit koksuny, ýokary dykyzlykdaky polietileni we el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 45,5 milliondan gowrak boldy.