Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň binasyny gurmak hakynda Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Täze ýokary okuw mekdebiniň gurluşygy hakynda Kararda onuň «bazar gatnaşyklarynyň täze tapgyry şertlerinde milli ykdysadyýet ulgamyny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek üçin» göz öňünde tutulýandygy bellenilýär. Täze okuw mekdebiniň binasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin TSTB we «Rysgal» paýdarlar-täjirçilik bankyna Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan maliýe serişdeleri bölünip berler.
Gurluşyk işlerine şu ýylyň aprelinde badalga berip, 2025-nji ýylyň sentýabrynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.