Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde ýurdumyzyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan nobatdaky sergi geçirilýär. Ol Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli guralýar. Sergä gatnaşyjylaryň arasynda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky hem bar. 

Bankyň sergide ýerleşdirilen diwarlyklary bu ýere gelen myhmanlary bank tarapyndan ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň toplumy bilen tanyşdyrýar. Olaryň hatarynda hususy telekeçiler üçin niýetlenilen onlaýn-banking, sarp edijilere — kiçi we orta telekeçiligiň wekillerine hödürlenilýän karz amallary hem-de beýlekiler bar.

«Rysgal» bank ýurdumyzda guralýan ykdysady ugurly sergilere yzygiderli gatnaşmak bilen, bank ulgamyny sanlylaşdyrmakda we ilata ýokary hilli bank hyzmatlaryny hödürlemekde öňdebaryjy orny eýeleýär.