Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň jemleri jemlenildi.
Öndürilen harytlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,1 göterim ýokarlandy. Eksportyň we importyň ösmegi bilen ýanwar-mart aýlarynda haryt dolanyşygy 10,4 göterim, daşarky söwdanyň möçberi 40,9 göterim artdy.
Pensiýalar, kömek pullarydyr talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirilmek bilen, ortaça aýlyk zähmet haklary 10,4 göterim köpeldi.
Degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň ýagdaýyny hemişelik gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dünýäniň hojalyk aragatnaşyklaryny nazarda tutup, ýurdumyzyň şu ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösüşi bilen bagly çaklamalary taýýarlamagy tabşyrdy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti kiçi we orta kärhanalary maliýeleşdirmek maksatnamasyny giňeltmegi, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek maksatnamasyna üns bermegi we birnäçe maksatnamalary durmuşa geçirmegi maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemek boýunça çäre görmegi tabşyryk berdi.