20-nji aprelde Türkmenistanyň paýtagtynda döwlet eýeçiligindäki obýektleri satmak boýunça auksion geçiriler. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär. 

Auksionda Türkmenistanyň Suw hojalyk komitetine, «Türkmenawtoulaglary» agentligine, «Türkmenhaly» döwlet birleşigine, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryna, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli jemi 15 obýekt satuwa çykarylar.

Auksion Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde  geçiriler.

Türkmenistanyň döwlete degişli däl şahsy taraplary we raýatlary, şeýle hem daşary ýurt raýatlarydyr halkara guramalary(Ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň çözgüdi esasynda) auksiona gatnaşyp bilerler. Munuň üçin arza ýazmak we bellenilen görnüşde hasaba durmak, degişli resminamalary jemlemek talap edilýär. 

Auksiona gatnaşmak üçin arzalar onuň başlanmagyna 24 sagat galýança kabul edilýär. Auksion Aşgabadyň wagty bilen sagat 10-00-da Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýynda başlanar. Şol gün auksiona gatnaşyjylar sagat 9-00-dan başlap hasaba alnar.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:

- Aşgabat: (+993 12) 92-26-11/39-46-69/7

- Änew: (+993 137) 3-30-21/3-31-80

- Balkanabat: (+993 222) 7-89-34/7-89-17/7-89-53

- Daşoguz: (+993 322) 9-10-19/9-15-10

- Türkmenabat: (+993 422) 6-11-52/6-11-59

- Mary: (+993 522) 6-06-87/6-05-41.