Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alnyp, olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 26 million 722 müň dollaryndan we 36 million 600 müň manatdan gowrak boldy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Owganystanyň, Maltanyň, Özbegistanyň we Gonkongyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, arassalanmadyk parafini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen piroliz benzinini we piroliz galyndysyny satyn aldylar.
Türkiýäniň we Türkmenistanyň telekeçileri manat serişdeleriniň hasabyna nah ýüplügini, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gaplama plýonkasyny we el halylaryny satyn aldylar.