5-nji aprelde ýolbaşçylary wezipä bellemek boýunça geçiren maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow T.Mälikowy ýurdumyzyň Merkezi bankynyň başlygy, şeýle hem Halkara Pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysy we Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine belläp, ony maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini mälim etdi hem-de onuň täze wezipelerde nähili işlejekdigi bilen gyzyklandy.
Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, ýurdumyzyň pul-karz ulgamyny durnukly ösdürmek, maliýe serişdelerini dolandyrmagy kämilleşdirmek, harytlaryň bahasyny durnukly saklamak hem-de daşary ýurt pulundaky girdejileri artdyrmak, milli manadyň hümmetiniň durnukly bolmagyny üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi we Merkezi bankyň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi hem-de täze wezipede üstünlikleri arzuw etdi ― diýip, TDH habar berýär.