1 — 4-nji aprelde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana Garaşsyzlygyny alanyndan bäri ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy.

Saparyň çäklerinde ýokary derejeli gepleşikler geçirilip, olaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk we ony ösdürmegiň geljegi bilen bagly esasy meselelere garaldy. Iki döwletiň Liderleri söwda-ykdysady ulgam, ylaýta-da, energetika, ulag, oba hojalygy, IT-tehnologiýalar, senagat ugurlary, TOPH gazgeçirijisi, «Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar» we «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgeleri ýaly halkara taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk dogrusynda özara pikir alyşdylar. 

Gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Olaryň hatarynda şu resminamalar bar:

- Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Terrorizmiň maliýeleşdirilmegi, jenaýatçylykly ýoluň üsti bilen alnan kanuny däl girdejiler bilen bagly maliýe maglumatlary alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Medeniýet we sungat babatda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy;

- Bilelikdäki türkmen-hindi beýannamasy.

3-nji aprelde paýtagtymyzda döwlet saparynda bolmagynyň çäklerinde Hindistanyň döwlet Baştutany «Halk hakydasy» ýadygärlik toplumyna, «Bagtyýarlyk» sport toplumyna baryp, Mahatma Gandiniň ýadygärligine gül desselerini goýdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr talyplary bilen duşuşdy. Şol gün agşam paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýokary derejeli myhmanyň hormatyna uly konsert guraldy. 

4-nji aprelde Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowind öz Watanyna dolandy.