Türkmenistanyň birnäçe döwlet edaralarynyň wekilleri Merkezi Aziýa döwletleriniň fito-weterinar, gümrük we serhet gulluklarynyň tälimçilerini hem-de instruktorlaryny okatmagyň usulyýetiniň meselelerine bagyşlanyp geçirilen sebit maslahatyna gatnaşdylar. Ol Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasy, ÝHHG-niň Duşenbedäki edara maksatnamasy hem-de ÝHHG-niň serhet mekdebi tarapyndan guraldy.
Okuw maslahatynyň maksady harby we saglygy goraýyş ulgamynyň mugallymlarynyňdyr instruktorlarynyň tejribesini, döwrebaplygyny durmuşa ornaşdyrmagyň taýýarlyk derejesini hem-de mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Maslahatyň çäklerinde Latwiýanyň we ÝHHG-niň döwlet serhet mekdepleriniň hünärmenleri öz tejribelerini, bilim beriş sapaklaryny meýilnamalaşdyrmagyň hem-de okuw maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň usulyýetini paýlaşdylar.
Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasy(BOMKA) sebitde serhetüsti hyzmatdaşlygy we serhetýaka sebitlerinde ýaşaýan ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmagyň usuly bilen durnuklylygy we howpsuzlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.