Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda jemi 52 geleşik hasaba alyndy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Germaniýanyň we Şweýsariýanyň işewürleri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän binýatlyk ýagyny, az kükürtli ýangyç mazudyny, nebit koksuny, polipropileni we tehniki kerosini satyn aldylar. 

Şeýle hem dollar serişdeleriniň hasabyna Owganystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň täjirleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. 

Gyrgyzystanyň we Şotlandiýanyň telekeçilerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, buýan köki  ýerlenildi.

Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 62 million 199 müň dollaryna  barabar boldy.

Içerki bazaryň zerurlyklary üçin türkmen telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilýän ýokary dykyzlykly polietileni we el halylary satyn aldylar. Söwda geleşikleriniň umumy bahasy 15 million 602 müň manat boldy.