Islamabatda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) hem-de Yslam ösüş bankynyň (YÖB) gatnaşmagynda Owganystanyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny gowulandyrmak üçin hemaýat kömegini ýygnamak maksady bilen, Owganystana kömek bermek boýunça Ynsanperwerlik gaznasyny döretmegiň tertipnamasyna gol çekildi.

Gaznanyň serişdeleri Owganystanyň durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, şol sanda halkyň aglaba bölegi bolan oba ilatyna kömek bermek, şeýle-de ýurduň kiçi we orta telekeçiligini goldamak, bilim almak mümkinçiligini ýeňilleşdirmek, aýallaryň mümkinçiliklerini we hukuklaryny giňeltmek ýaly işlere gönükdiriler.

Şunuň bilen birlikde, gol çekilen resminamada nazarda tutulan işleriň çäklerinde Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömegi iberiler.

YHG we YÖB Owganystana kömek bermek boýunça Ynsanperwerlik gaznasyna serişdeleri ýygnamagyň häzirden başlanandygyny yglan edip, munuň üçin Guramanyň agza ýurtlaryny, ykdysady düzümleri, haýyr-sahawat guramalaryny hem-de hususy taraplary Owganystana ynsanperwerlik kömegini berip başlamaga çagyrdylar.