25-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hökümet agzalarynyň täze düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Döwlet Baştutany wise-premýerleriň ýurdumyzy geljekde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly dolandyryş tejribesiniň bardygyny nazara alyp, olary öňki wezipelerinde galdyrdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň maliýe, ykdysadyýet we bank toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine bu ulgamda uly tejribesi bolan Muhammetguly Muhammedow bellenildi.
Täze hökümet agzalaryna wise-premýerleriň garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçysy wezipesine dalaşgärleri hödürlemek tabşyryldy.