Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi 86 geleşik hasaba alyndy. 

Beýik Britaniýnyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Şotlandiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň işewürleri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini, uçar we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. 

Şeýle hem daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçilerine «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamid we EKO kysymly awtobenzin ýerlenildi. Türkiýäniň, Gonkongyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa daşary yurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümlerini, nah ýüplügini satyn aldylar. 

Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 219 million 229 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Bahasy 4 million 263 müň manatdan gowrak nah ýüplügi Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň işewürleri tarapyndan satyn alyndy.

Türkmen telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 21 million 31 müň manatdan gowrak bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny we polipropileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.