Şu gün — 19-njy martda Aşgabat şäheriniň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipesine resmi girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Bu barada Türkmen döwlet habarlar agentligi beýan edýär.
Bu dabara Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň ýolbaşçylary, milli parlamentiň iki palatasynyň agzalary we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, harby gullukçylar hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary, döwlet Baştutany wezipesine hödürlenen dalaşgärler, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de giň jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdy.
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabara Türkmenistanyň döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugunyň, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşanynyň we mukaddes Gurhanyň getirilmegi bilen açyldy.
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sag elini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goýup, türkmen halkyna kasam etdi:
«Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek bilen:
— öz üstüme ýüklenen beýik borçlary mukaddes we ak ýürekli, hormat bilen we ýadawsyz ýerine ýetirmäge;
— Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goramaga;
— adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamaga hem-de goramaga;
— Türkmenistanyň Konstitusiýasyny berjaý etmäge we goramaga;
— ähli güýjümi we ukybymy türkmen halkynyň agzybirligine, onuň parahat durmuşyny goramak üçin bagyş etmäge;
— türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň şöhratyny has-da belende götermek üçin ähli mümkinçilikleri peýdalanmaga;
— türkmen halkyna wepaly we dogruçyl hyzmat etjekdigime dabaraly kasam edýärin».
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy ähli türkmen halkynyň adyndan saýlanan döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentiniň şahsyýetnamasyny gowşurdy. Welaýatlara hem-de Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulular bolsa döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşanyny gowşurdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dabara ýygnananlara özüne bildirilen uly ynam üçin minnetdarlygyny beýan edip, ýurduň mundan beýläk hem gülläp ösüşiniň, durmuş-ykdysady we syýasy taýdan özgerişiniň mynasyp dowam etdiriljekdigini aýtdy.