21-nji martda ýurduň ähli künjeginde Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar geçirildi.

Bahar paslynyň gelmegini alamatlandyrýan Nowruz baýramynyň esasy dabaralary paýtagt şäherde Garagum derýasynyň kenarynda guraldy.  Bu ýerde ak öýler hatara düzülip, haly düşelen sekiler bezeldi, açyk asmanyň astynda gazanlar ataryldy, milli tagamlar taýýarlanyldy. Sungat işgärleriniň, ýaşlaryň ýerine ýetiren ajaýyp milli aýdym-sazlary we tanslary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Dabarada guralan sergilerde bolsa türkmen halkynyň maddy we ruhy gymmatlyklary, olaryň özboluşly aýratynlyklary açylyp görkezildi.

Ýurduň beýleki welaýatlarynda hem Halkara Nowruz baýramy Türkmeniň ak öýi binalarynda bellenilip geçildi.