Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 44 million dollaryndan gowrak bolan jemi 137 geleşik hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Özbegistanyň, Türkiýäniň, Şweýsariýanyň hem-de Owganystanyň telekeçileri tarapyndan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleriniň ― uçar kerosininiň, suwuklandyrylan gazyň, suw bilen arassalanan dizel ýangyjynyň, polipropileniň, esas ýagynyň we mazudyň uly toplumy, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän wakuum gazoýly we mazut, «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümi bolan suwuklandyrylan gaz satyn alyndy.
Içerki bazar üçin türkmen telekeçileri umumy bahasy 117 million manada deň bolan nebit bitumyny, ýokary dyzyklykly polietileni, esas ýagyny we arassalanmadyk parafini satyn aldylar.