16-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ermeni diline terjime edilen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. 

Dabara ýolbaşçylar, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň we Ermenistanyň(sanly ulgam arkaly) žurnalistleri gatnaşdylar.    

Hormatly myhmanlaryň hatarynda çärä Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Harazýan çagyryldy. 

Hormatly Prezidentimiziň edebi-filosofiki zähmetiniň miwesi bolan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby ozal rus, iňlis, azerbaýjan, hytaý, ýapon, gruzin, ukrain we beýleki dillere terjime edildi. 

Hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan kitaplaryň sany jemi 53-e deň bolup, olar dürli ugurlary, şol sanda dermanlyk ösümlikleri, çaýyň melhemlik häsiýetleri, ahalteke bedewlerini we alabaýlary ösdürip ýetişdirmek, türkmen milli tagamlaryny taýýarlamak we beýleki ugurlary  öz içine alýar.