13-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşan TDG-niň synçylar toparynyň ýolbaşçylygynda Aşgabat şäherine gelen Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Baş sekretary Bagdad Amreýew bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Türki döwletleri guramasy bilen alyp barýan gatnaşyklarynyň ösüşini sebitleýin we global ýagdaýlara gatnaşmagynyň aýrylmaz bölegi hasap edýändigi barada nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Türki döwletleriň guramasynyň ýanyndaky halkara düzümleriň ençemesi, hususan hem Ýaşulylar Geňeşi, Türki döwletleriň guramasynyň Parlament assambleýasy hem-de Türki söwda-senagat edarasy bilen hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy.
TDG-niň Baş sekretary synçy hökmünde saýlawlara çagyrylanlygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanda açyklyk, aýdyňlyk hem-de demokratik esasda geçirilen Prezident saýlawlaryna ýokary derejede baha berýändigini beýan etdi.
Bagdat Amreýew Türkmenistanyň TDG-niň işine gatnaşmagynyň ähmiýetine ünsi çekmek bilen, häzirki wagtda Gurama tarapyndan durmuşa geçirilýän birnäçe möhüm taslamalara we maksatnamalara aýratyn ünsi çekdi.
Belläp geçsek, Türkmenistan geçen ýylyň noýabryndan bäri synçy hökmünde TDG-niň agzasy hasaplanýar.