Türkmenistanyň Merkezi Saýlaw topary ýurdumyzda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijesini habar berdi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan bu ýokary wezipä dalaşgärlige hödürlenen Serdar Berdimuhamedow saýlawçylaryň 72,97% göteriminiň sesine mynasyp bolmak bilen döwlet Baştutanlygyna saýlanyldy.
Turkmenistan.gov.tm saýtynda habar berlişi ýaly, saýlawlara umumy hasaba alnan 3 460 080 saýlawçylaryň 3 362 052-si gatnaşdy.