Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Medeniýet ministrliginiň Döwlet medeniýet merkeziniň hasabynda duran binany göni satmak arkaly hususylaşdyrmak barada tabşyryk berýän Karara gol çekdi.

Bu bina Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň 10-njy salgysynda ýerleşýär. 

Binanyň hususylaşdyrylmagy «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasyna laýyklykda, türkmen suratkeşlerine döwlet tarapyndan goldaw bermek we olaryň işlemegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen durmuşa geçirilýär.