Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 34 millionyndan gowrak bolan jemi 43 geleşik hasaba alyndy. 

BAE-niň, Owganystanyň we Şweýsariýanyň işewürler topary daşary ýurt pulunа Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän uçar kerosinini hem-de mazudy satyn aldylar. 

Şeýle hem dollar serişdeleriniň hasabyna Russiýanyň, Türkiýäniň, BAE-niň, Serbiýäniň we Gyrgyzystanyň telekeçileri nah ýüplügini hem-de el halylary satyn aldylar. 

Ýerli telekeçilere içerki bazar üçin gerek bolan ýokary dykyzlykly polietilen hem-de el halylary ýerlenildi. Söwda geleşikleriniň umumy bahasy 2 million manada deň boldy.