Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň ilkinji iki aýynda
Türkmenistanyň döwlet býujetiniň görkezijileri, şeýle hem hasabat döwründe ýurtda zähmet haklarynyň ýokarlanandygy hakynda hasabat berdi.
Ýanwar-fewral aýlarynda döwlet býujetiniň girdeji bölegi 106,1 göterime, çykdajy bölegi bolsa 96,9 göterime deň boldy.
Iri we orta kärhanalarda zähmet haklary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ortaça 10,4 göterim ýokarlandy. Pensiýalar, zähmet we talyp haklary, döwlet kömek pullary doly derejede maliýeleşdirildi.