Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy möçberi 7 million 897 müň ABŞ dollaryndan hem gowrak bolan 20 geleşik hasaba alyndy.

Birleşen Arap Emirlikleri, Gonkong, Owganystan hem-de Gyrgyzystan ýaly ýurtlaryň wekilleri daşary ýurt pul serişdeleriniň hasabyna awiasion kerosini, awtoulag benzini, Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen parafin gaçy, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gaz ýaly önümleri, şeýle hem pagta ýüplügini, dürli hili süpürgiçleri satyn aldylar.

Milli pul serişdelerine bolsa Russiýa, BAE, Türkiýe we Gazagystan ýaly ýurtlaryň işewürleri tarapyndan pagta ýüplükleri hem-de elde dokalan halylar satyn alyndy. Türkmen telekeçileri hem öz nobatynda manat pul serişdelerine 164 275 dollarlyk portland sementini, 13 million 321 müň manada hem el halylary we polietilen önümlerini aldylar.