“Rysgal” paýdarlar-täjirçilik banky, Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 25-nji fewralyndaky PB-1597 belgili buýrugyny ýerine ýetirmekligi üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyz boýunça eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-karhanalarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara şu ýylyň 1-6-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 60 (altmyş) manat möçberde Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak boýunça öňünden degişli çäreleri geçirmegiňizi Sizden haýyş edýär.
Bankymyz tarapyndan bu babatda ähli şertler dörediler.