12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlaryna iki hepdeden hem az wagt galdy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek döwri tamamlandy. Ýokary döwlet wezipesine ýurdumyzyň syýasy partiýalary we her welaýatyň teklipçi toparlary tarapyndan dalaşgärleriň jemi 9-sy hödürlenildi. 

Ýurdumyzyň Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň adyndan wise-premýer Serdar Berdimuhamedowy, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan Babamyrat Meredowy, Agrar partiýasynyň adyndan Agajan Bekmyradowy dalaşgär hökmünde hasaba aldy.

Şeýle hem ýurdumyzyň teklipçi toparlary tarapyndan Prezident wezipesine Berdymämmet Gurbanow(Balkan welaýaty), Maksat Ödeşow(Daşoguz welaýaty), Hydyr Nunnaýew(Aşgabat), Maksatmyrat Öwezgeldiýew(Ahal welaýaty), Kakageldi Saryýew(Mary welaýaty) we Perhat Begenjow(Lebap welaýaty) hödürlenildi.

Türkmenistanyň daşary döwletlerde bolan raýatlary hem saýlawlara gatnaşmaga mümkinçilik alarlar. Munuň üçin dünýäniň 30 döwletinde saýlaw uçastoklarynyň 41-si hereket eder.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek döwri tamamlanyp, dalaşgärler raýatlaryň öňünde öz maksatnamalary bilen çykyş edýärler. Bu döwür 9-njy marta çenli dowam eder.