Türkmenistanyň döwlet düzümlerinde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maliýe-ykdysady meseleleri boýunça orunbasarlarynyň, degişli müdirlikleriň başlyklarynyň we baş hasapçylarynyň gatnaşmagynda hünär synagynyň geçirilendigi barada «Watan» habarlar gepleşiginde beýan edildi.
Hünär synaglarynyň netijeleri barada 25-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli hünärmenleriň işine yzygiderli esasda gözegçilik etmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamak babatda aýtmak bilen, wise-premýere bu ugurda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hünär synaglary dogrusynda belläp, döwlet Baştutany ähli döwlet düzümleriniň işiniň ýokary sowatlylyk derejesinde guralmagynyň wezipeli adamlaryň dolandyryş işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyna baglydygyny nygtady.