Türkmenistanyň Özbegistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ýazguly Mämmedow Daşkent şäherinde Owganystan bilen baglanyşykly geçirilen «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» maslahatyna gatnaşdy.

Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýörite wekilleriniň we degişli hünärmenleriniň gatnaşan maslahatynda Owganystandaky ýagdaýlary çözmek babatda ýurtlaryň we halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygy birnäçe gezek nygtaldy.

Ýazguly Mämmedow ýurduň halkara ykdysady giňişligine işjeň goşulmagynda amatly şertleri döretmek üçin Owganystany ykdysady we maliýe gatnaşyklary ulgamyna çekmegi teklip etdi. Şeýle hem, owgan transmilli energiýa, ulag we senagat geçelgelerini bilelikde durmuşa geçirmek we owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek üçin halkara guramalar we maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagynyň maksadalaýykdygyny aýtdy.

«Biziň pikirimizçe, goňşy Owganystandaky ýagdaýlaryň kyndygyna garamazdan, durnuklylyga laýyk geljek käbir üýtgeşmeleri hem görmek bolýar. Täze häkimiýet döwlet edaralarynyň kadaly işlemegi, zorlugy bes etmek, ýurtda tertibi we dolandyryşy dikeltmek üçin tagalla edýär. Biziň nukdaýnazarymyzdan, ýokardaky ähli ugurlarda Ýewropa Bileleşigi bilen sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň meýdan bar» – diýip, Ý.Mämmedow çykyşynda belledi.