Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda möçberi 96,5 million ABŞ dollaryna barabar bolan 72 geleşik hasaba alyndy.
Beýik Britaniýanyň, Maltanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Gonkongyň işewürler topary daşary ýurt pul serişdelerine Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzini, nebit koksy, suwuk mazut ýangyjy we parafin gaçy ýaly önümleri satyn aldylar. Russiýa, Ukraina, BAE, Türkiýe we Owganystan döwletlerinden bolan işewürler hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen tehniki ýod, polietilen hem-de polipropilen önümlerini aldylar.
Mundan başga-da, pagta ýüplükleri, elde dokalan halylar, bir reňkli we dürli hili süpürgiçler, şeýle-de jins matalary uly isleg bilen satyn alyndy. Bu önümleri satyn alyjylar hökmünde bolsa Russiýadan, Türkiýeden, BAE-den, Ermenistandan, Maltadan, Ukrainadan, Polşadan we Owganystandan gelen telekeçileri bellemek bolar.
Milli pul serişdeleriniň hasabyna bolsa Hindistanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gazagystanyň we Owganystanyň işewürleri 37 million 177 müň manatdan gowrak pagta ýüplüklerini hem-de elde dokalan halylary satyn aldylar.
Türkmen telekeçileri içerki bazar üçin 23 müň dollara golaý möçberde portland sementini, şeýle hem 4 million 303 müň manatdan gowrak bahasy bolan ýokary dykyzlykly polietilen we elde dokalan halylary aldylar.