Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji fewralda geçirilen giňişleýin hökümet mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň täze Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak boýunça Karara gol çekdi. Bu barada döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda Konsepsiýanyň işlenilip taýýarlanylmagynyň Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan gelip çykýan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde zerur bolup durýandygyny belledi. Ol maksatnama Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde tassyklanyldy.
Daşary syýasat ugurnyň Konsepsiýasy parahatçylygy we howspuzlygy üpjün etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň 5-sini özünde jemleýär:
- Türkmenistanyň Bitaraplyk tejribesini dünýä giňişliginde ösdürmek we giňeltmek;
- ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny, durnukly ösüş ugrunda ählitaraplaýyn hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak we işjeň ösdürmek;
- halkara gatnaşyklarynda ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlyk etmek, olara etikanyň we adalatlylygyň ýokary kadalaryny ornaşdyrmak.
Karara laýyklykda, Daşary işler ministrligi 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli şulary taýýarlamaga borçlanýar:
- Türkmenistanyň 2023 – 2030-njy ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynyň taslamasy boýunça teklipleri;
- geljekde Türkmenistanyň diplomatik gulluklarynyň hukuk binýadyny ösdürmek boýunça teklipleri taýýarlap, Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemäge(Adalat ministrligi bilen bilelikde);
- Türkmenistanyň diplomatik gulluklarynyň düzüminiň döwrebap ösüşini üpjün etmek boýunça teklipleri(Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde).
Türkmenistanda 2023-2030-njy ýyla çenli döwür üçin täze daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýany işläp taýýarlamak üçin ýörite döwlet iş topary döredilip, onuň düzümi we düzgünnamasy tassyklanyldy.