21-nji fewralda Aşgabatda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirilip, onuň dowamynda ýene 3 dalaşgär 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlaryna bellige alyndy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar dalaşgär hökmünde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowy, şeýle-de Ahal we Mary welaýatlarynyň raýatlarynyň teklipçiler toparlarynyň hödürlemeginde Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewi hem-de Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewi bellige aldy.
Mundan ozal hem bu ugurda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde wise-premýer Serdar Berdimuhamedow (Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan), Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Berdimyradow (Agrar partiýadan), Lebap welaýatynyň raýatlarynyň teklipçiler toparynyň hödürlemeginde Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Perhat Begenjow hem-de Balkan welaýatynyň raýatlarynyň teklipçiler toparynyň teklip etmeginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň deputaty Berdimämmet Gurbanow dagy bellige alnypdy.