Türkmenistanyň Adalat ministrligi resmi saýtynda işini täze ýola goýan başlangyç telekeçiler üçin ýeňillikli karzlary bermegiň tertibi bilen baglanyşykly habary köpçülige ýetirdi.
Bu karzlar Türkmenistanda iň pes bellenen aýlyk hakynyň 500 möçberine çenli berilýär. Degişli karzlaryň yzyna gaýtaryp bermek möhleti 7 ýyl, gaýtaryp bermegiň ýeňillikli döwri bolsa 2 ýyl bolup durýar.
Ýeňillikli karzlaşdyrma şu maksatlar üçin berilýär:
- Senagat önümçiligini ösdürmek;
- Bar bolan önümçiligiň gerimini giňeltmek;
- Milli amaly-haşam sungatyna degişli önümleriň önümçiligi;
- Önümçilik obýektlerini satyn almak;
- Hyzmatlary ýerine ýetirmek;
- Maldarçylygy we guşçulygy, olaryň önümçiligini, saklanylyşyny we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegi ösdürmek bilen bagly işleri maliýeleşdirmek.
Karzy almak üçin zerur bolan resminamalar:
- Karz almak üçin arza;
- Işewürlik meýilnamasy ýa-da tehniki-ykdysady esas;
- Karzyň esasynda ulanyljak harytlary, işleri we hyzmatlary tassyklaýan resminamalaryň nusgalary (şertnamalaryň, hasap-fakturalaryň we ş.m);
- Işewürlige hukuk berýän resminamalar;
- Kärendäniň ýa-da hususyýetçiden alnan kärendäniň şertnamasy, ýuridik we faktiki salgydaky ýere eýeçilik hukugynyň hasaba alnandygyna şaýatlyk edýän şahadatnama;
- Alynýan enjamyň getirilen ýerini, esasy serişdeleri almak bilen baglylykda önümçilik işi üçin çig maly üpjün etmegi tassyklaýan resminamalar.
Bank resminamalaryň sanawynda görkezilenlerden başga-da käbir tassyklaýjy resminalary sorap biler.
Karz almak üçin tabşyrylan arza ýörite iş toparynyň barlagyndan soň 7 günüň dowamynda jogap berilýär.