Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek nobatdan daşary Prezident saýlawlary bilen baglylykda, bu wezipä dalaşgärleri hödürlemek işi başlandy. Häzirki wagtda dalaşgärleriň ikisi hödürlenildi. Olara wise-premýer Serdar Berdimuhamedow we Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary A.Bekmyradow degişlidir.
Dalaşgärleri hödürlemek hukugyna syýasy partiýalar we raýatlaryň toparlary eýedir. Türkmenistanda şeýle partiýalaryň üçüsi — Türkmenistanyň Dekmokratik partiýasy, Agrar partiýasy we Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hereket edýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan hödürlenilen dalaşgärdir. Agrar partiýa bolsa Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowy hödürledi. Şunlukda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem bu wezipä öz dalaşgärini hödürlemegine garaşylýar.