Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy 56 million 447 müň amerikan dollaryna barabar bolan jemi 89 geleşik hasaba alyndy.
BAE-niň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň we Täjigistanyň işewürler topary daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, şeýle hem «Türkmenhimiýa» we «Türkmengaz» döwlet konsernlerinde öndürilýän suwuklandyrylan gazy, esas ýagyny we awtoulag ýangyjyny satyn aldylar.
Dollar serişdeleriniň hasabyna Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň telekeçilerine nah ýüplügi ýerlenildi.
Umumy bahasy 16 million 42 müň manada deň bolan el halylary, nah ýüplügi we buýan köküniň ekstrakty ABE-niň, Pakistanyň hem-de Owganystanyň işewürlerine satyldy.
Türkmen telekeçileri içerki bazar üçin «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilýän ýokary dykyzlykly polietileni, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 13 million 989 müň manada deň boldy.